Kuweýt 2024-nji ýylyň ahyryna çenli nebit gazyp almak boýunça kuwwatyny 10% ýokarlandyrar

09.07.2023, 09:376,148

Kuweýt 2024-nji ýylyň ahyryna çenli nebit gazyp almak boýunça önümçilik kuwwatyny bir günde 2,9 mln barrelden 3,2 mln barrele çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada OPEK-iň seminarynda Kuweýtiň KPC kompaniýasynyň başlygy Nawaf al-Sabah habar berdi diýip, interfax.ru belleýär.

Ol nebite bolan islegiň artjakdygyny nygtady. Onuň pikiriçe, eger global energiýa balansynda nebitiň paýy azalsa-da, isleg geljek onýyllykda bir günde 100 mln barrelden ýokary bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.