Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna täze ýolbaşçy saýlanyldy

14.07.2023, 22:1214,825

Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde M.Gurdow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze ýolbaşçysy saýlandy. Şeýle hem, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde saýlawlar esasynda Birleşmäniň täze ýolbaşçysy wezipesine  N.Atagulyýew saýlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetleriniň çözgütlerini tassyklamak baradaky degişli resminamalara gol çekip, täze ýolbaşçylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.