4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

03.08.2023, 08:2123,774

«Türkmensitan — Täjigistan — Özbegistan» formatyndaky ilkinji üçtaraplaýyn sammit 4-nji awgustda Türkmenistanyň  paýtagtynda geçiriler diýip, resmi türkmen metbugaty habar berýär.

Sammit Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçiriler.
Häzirki wagtda taraplar döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy wagtynda gol çekiljek köptaraplaýyn resminamalaryň üstünde işleýärler.
Sammite görülýän taýýarlyk işleri we ony geçirmek bilen bagly meseleler Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geçirilen geňeşmelerde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.