Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi

04.08.2023, 12:4422,676

Şu gün Aşgabadyň «Arkadag» myhmanhanasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler barada pikir alyşdylar.
Iki goňşy döwletiň Prezidentleri geçiriljek üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitiniň sebit hyzmatdaşlygynyň mundan beýkäk hem ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.