Ispaniýanyň ilaty rekord dereje artmagy hasaba alyndy

10.08.2023, 09:059,423

2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda Ispaniýanyň ilaty 48,3 million adamdan geçdi we bu rekord dereje boldy. Bu barada patyşalygyň Milli statistika institutynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Onuň berýän maglumatyna görä, "Ispaniýanyň hemişelik ilaty 2023-nji ýylyň II çärýeginde 135 186 adam köpeldi we 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli ilaty 48 345 223 boldy". "Bu iň ýokary görkeziji" – diýip, institutda sözüniň üstüni ýetirdiler. Soňky bir ýylda ilatyň 537 müň adam artandygy aýdylýar.
Metbugat beýanatynda: "Ispaniýanyň ilatynyň köpelmegi, esasan, daşary ýurtlarda doglanlaryň sanynyň köpelmegi bilen şertlendirildi. Ýylyň II çärýeginde daşary ýurtlularyň sany 100 394 adam köpelip, olaryň sany 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli 6 335 419-a ýetdi " diýilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.