Dünýäde azyk önümleriniň bahasy 6% arzanlady

23.09.2023, 04:517,118

Bütindünýä banky oba hojalyk önümleriniň, esasanam, däne önümleriniň bahasynyň indeksini hasaplady. Seljerijileriň pikiriçe, 27-nji iýuldan bäri oba hojalyk önümleri 6%, galla önümleri 10% arzanlady diýip, “Kommersant” habar berýär.

Şeýle aşaklama däne önümleriniň görnüşleriniň, esasanam, mekgejöweniň we bugdaýyň bahalarynyň arzanlamagy bilen düşündirilýär. BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň sentýabr aýynyň başynda çap eden maglumatlaryna görä, dünýäde bugdaýyň bahasy 3,8% arzanlady we mekgejöweniň bahasy bolsa 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda iň arzan derejä ýetipdi.
Bütindünýä banky ösýän we ösüp barýan ýurtlarda azyk inflýasiýasynyň ösüşiniň aşa ýokary bolmagynda galýandygyny belleýär. Azygyň bahasynyň derejesi köp ýurtlarda umumy inflýasiýanyň derejesinden ýokary.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.