Nokia dünýäde 14 müň işgärini azaltmak meýilnamasy barada aýtdy

20.10.2023, 05:379,641

Nokia-nyň baş ýerine ýetiriji müdiri Pekka Lundmark çärýek hasabatyna teswir bermek bilen, bütin dünýäde 14 müň işgäri azaltmak meýilnamasy barada habar berdi diýip, ferra.ru belleýär.

Lundmark muny umumy ykdysady ýagdaýyň, şeýle-de 5G enjamlaryny öndürijileriň ABŞ-daky we ÝB-däki müşderileriniň hususy torlaryň gurluşygyndan soň kapital çykdajylary azaldýandygy sebäpli kynçylyklary başdan geçirýändigi baradaky faktyň talap edýändigini belledi. Ol bütin dünýäde 14 müň işgäri ýa-da işgärleriň 16%-ini işden çykarmak baradaky kararyň garaşylandan has pes girdejiler bilen baglanyşyklydygyny belläp geçdi.
Bu ädim geljek ýyl 400 mln ýewro çenli ýa-da 421 mln dollar töweregi we 2025-nji ýylda ýene, takmynan, 300 mln ýewro tygşytlamaga mümkinçilik berer diýlip hasaplanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.