Nokia-nyň prezidenti Lundmark işden gidýär: wezipäni Intel-iň EA bölüminiň başlygy eýelär

11.02.2025, 10:514,204

Finlýandiýanyň telekommunikasion enjamlary öndürijisi Nokia Corp.-yň prezidenti we baş ýerine ýetiriji müdiri Pekka Lundmark öz wezipesinden gider. Bu barada ol kompaniýanyň müdirler geňeşine duýdurdy diýip, Nokia-nyň metbugat gullugyna salgylanyp, Interfaks habar berýär.

Şu ýylyň 1-nji aprelinden onuň ygtyýarlyklary Intel Corp. korporasiýasynyň maglumat merkezleri we EA bölüminiň ýolbaşçysy Jastin Otara geçer.
Lundmark Nokia kompaniýasyna 2020-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär. Onuň gitmeginiň sebäbi görkezilmeýär, metbugat relizinde diňe onuň karýerasynyň indiki tapgyryna geçmek kararyna gelendigi aýdylýar.
Şu ýylyň ahyryna çenli Lundmark täze baş ýerine ýetiriji müdire maslahatlary berer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.