Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny gutladylar

24.10.2023, 06:2913,545

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň bu iri halkara düzüm bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet bermek bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

«Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň geljegine berk ynanýar we bu guramanyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine egsilmez mümkinçilikleriniň açylmagyna goşant goşmak bilen, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegi hem-de pugtalandyrmagy dowam etdirer» diýlip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hatynda bellenilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.