Serdar Berdimuhamedow Petr Paweli Çehiýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

28.10.2023, 03:294,661

Prezident Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Petr Pawele tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Çehiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.
Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni 28-nji oktýabrda bellenilip geçilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.