Guwlymaýak şäherçesinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumy gurlar

29.10.2023, 09:3614,851

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumy gurlar. Bu barada şenbe güni Hökümet mejlisinde habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 4 gatly 472 maşgala niýetlenen Gyýanly ýaşaýyş jaý toplumynyň, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 120 orunlyk çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşyk işlerine başlamaga taýýarlyk görülýär. Bu taslama döwlet Baştutanynyň degişli Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.