Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

03.11.2023, 06:096,836
1 / 3

Astana bolan iş saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi saýty habar berýär.

Kasym-Žomart Tokaýew Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine hut özüniň gatnaşýandygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gazak özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.