Serdar Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

26.12.2023, 17:5328,571
1 / 2

26-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Täze ýylyň öňüsyrasyndaky resmi däl Sammitine gatnaşdy.

Sammit Sankt-Peterburgda Konstantin köşgünde ýerleşýän «Kongressler köşgi» döwlet toplumynda geçirildi. Nobatdaky Sammite şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri  Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti  Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda belent mertebeli myhmanlaryň Sankt-Peterburgda bolmagynyň maksatnamasyna laýyklykda, GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary Russiýanyň  medeni paýtagtynyň gözel ýerlerine baryp gördüler, hususan-da, «Pawlowsk» döwlet muzeý-goraghanasynyň, Puşkin şäherçesindäki  «Patyşa obasy» döwlet muzeý-goraghanasynyň, «Petergof» döwlet muzeý goraghanasynyň ekspozisiýalary bilen tanyşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda «Kongressler köşgi» döwlet toplumynyň Konstantin köşgünde  resmi däl Sammit geçdi. Sammit başlamazdan ozal Arkalaşygyň döwletleriniň Baştutanlarynyň GDA agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.


Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi we Täze ýylyň öň ýanyndaky resmi däl Sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.

Soňra netijeli pikir alyşmalaryň dowamynda şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine gysgaça seljerme berildi we GDA-nyň çäklerinde  bilelikdäki işleriň ýakyn geljek üçin esasy ugurlary kesgitlenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.