Panama kanalynyň geçirijilik kuwwaty üçden bir esse azaldy. Ýitgiler 700 million dollara ýetip biler

19.01.2024, 16:2214,538

Gurakçylyk bilen bagly suwuň derejesiniň peselmegi sebäpli Panama kanalynyň ýolbaşçylygy her gün geçýän gämileriň sanyny üçden bir esse azaltmaga mejbur boldy. Bu barada kanalyň ýolbaşçylygynyň başlygy Rikaurte Waskese salgylanýan  Associated Press (AP) agentligi ýazýar diýip, TASS habar berýär.

Indi her gün kanaldan 24-den köp gämi geçmeýär, öň bolsa her günde ortaça 38 gämi geçýärdi. Bu çäklendirme sebitde ýagyş möwsümi başlanýança — aprel aýynyň ahyryna çenli dowam eder.
Bu çäreler dünýäniň iň möhüm söwda ýollaryndan biri bolan Panama kanalynyň ýolbaşçylygynyň girdejisini ep-esli azaldar. Iň soňky çaklamalara görä, şu ýyl 500 million dollardan 700 million dollara çenli ýitgi çekiler.
Waskes: "Suwuň derejesiniň peselmegi sebäpli ýüze çykan meseläniň çözgüdini gözleýäris. Bu diňe bir kanal üçin däl, eýsem tutuş ýurt üçin mesele" -diýdi.
Kanalyň töweregindäki kölleriň Panamanyň ilatynyň ýarysyndan gowragyny suw bilen üpjün edýändigini bellemelidiris.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.