Ethereum-yň bahasy soňky 2 ýylda ilkinji gezek 3000 dollardan gymmatlady

22.02.2024, 13:324,336

Ethereum (ETH)  kriptowalýuta tokeniniň bahasy, maýa goýujylaryň ululygy boýunça ikinji kriptowalýuta gyzyklanmasynyň artmagy sebäpli, soňky iki ýylda ilkinji gezek 3000 dollardan geçdi. CoinGecko-nyň maglumatlaryna görä, ETH bir hepdäniň dowamynda 12 göterim we şu ýylyň başyndan bäri bolsa 30 göterim ýokarlanyp, 22 göterim ýokarlanan bitkoinden (BTC) öňe geçdi diýip, CoinDesk-e salgylanýan 3DNews habar berýär.

ETH-iň ýokarlanmagynyň sebäpleriniň biri - ABŞ-daky Ethereum-da spot birža gaznalarynyň (ETF) tassyklanmagyna garaşylýanlygy. ETF – bu belli bir aktiwiň ýa-da aktiwler toparynyň bahasyny yzarlaýan maýa goýum gaznalary. Ethereum-ETF ýagdaýynda ETH aktiw bolar we maýadarlar kriptowalýuta gönüden-göni eýeçilik etmezden, gaznanyň paýnamalaryny satyn alyp we satyp bilerler.
Ethereum ETF-leri az töwekgelçilik we az çylşyrymlylyk bilen kripto bazaryna girmegiň ýoluny gözleýän has institusional maýadarlary özüne çekip biler. Şuňa meňzeş netije geçen aý ABŞ-da başlanan we dolandyrylýan 1 milliard dollardan gowrak emläk toplan bitkoin-ETF-lerinde-de boldy.
Hünärmenler Ethereum-ETF-iň ABŞ-da tassyklanmagynyň ähtimallygynyň ýokarydygyna ynanýarlar, sebäbi düzgünleşdiriji guramalar eýýäm bitkoin-ETF-ä ýaşyl yşyk berdi we syýasatyny beýleki kriptowalýutalara giňeldip biler. SwissOne Capital -yň baş maýa goýum bölüminiň başlygy Kenni Hirnanyň pikiriçe, Ethereum-ETF-iň maý aýyna çenli tassyklanmak ähtimallygy 50%, ýylyň ahyryna çenli bolsa - 100% töweregi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.