Serdar Berdimuhamedow Kuweýtiň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

26.02.2024, 04:463,296

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Emir Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.