Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi

05.03.2024, 00:1618,806

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow owgan harytlarynyň paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan sergisine baryp gördi.

Mälim bolşy ýaly, 4-nji martda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda goňşy ýurtda öndürilýän harytlaryň, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hem-de gaýtadan işleýän senagatyň önümleriniň derejesini açyp görkezýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu giň möçberli çärä Owganystanyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän döwlet düzümleriniň wekilleri, 230-dan gowrak kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow sergi  bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda Arkadag  şäheriniň bina edilendigini we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda häzirki zaman önümçilik enjamlaryna,  gurluşyk serişdelerine uly gyzyklanma bildirilýändigini  belläp, türkmen tarapynyň owgan kompaniýalarynyň bu işe gatnaşmagy we olaryň hödürleýän teklipleriniň öwrenilmegi bilen baglanyşykly meselelere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Owganystanyň önüm öndürijileri we goňşy ýurduň söwda-ykdysady toplumyna degişli düzümleriň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň sergä gelip görmeginiň we bu ýerde görkezilýän önümler, harytlar we söwda toplumyna degişli  önümçilikler bilen tanyşmagynyň özleri üçin   uly hormatgyny nygtadylar we Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.