Duşenbede ýaşlaryň arasynda dzýudo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

06.03.2024, 08:243,584

Täjigistanyň Dzýudo federasiýasy bilen Halkara dzýudo federasiýasy Duşenbede ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatyny geçirmek barada şertnama baglaşdy. Resminama Daşkentde gol çekildi, ýaryş 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda guralar diýip, “ASIA-Plus” habar berýär.

Täjigistanyň Dzýudo federasiýasynyň wise-başlygy Ergaş Mahmadbekow bu ýaryşyň respublikada dzýudonyň ösüşinde möhüm tapgyr boljakdygyny belledi.
Mahmadbekow abraýly çempionatyň geçirilmeginiň Täjigistanyň dünýäde möhüm dzýudo merkezi hökmünde abraýyny tassyklamaga kömek etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de, ol bu ýaryşyň ýurduň ýaş türgenleriniň öz başarnyklaryny görkezmegi üçin örän gowy mümkinçilikdigini belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.