19–20-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde geçirilen sambo boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä kubogynda Türkmenistanyň ýygyndy topary dört medal gazandy. Toparyň hasabynda bir altyn we üç bürünç medal bar.
Altyn medala zenanlaryň arasynda sport sambosy boýunça 50 kg çenli agram derejesinde Ykbal Saparowa mynasyp boldy.

Sapar Döwletow sport sambosy boýunça 71 kg çenli agram derejesinde bürünç medal aldy.
Söweş sambosynda bolsa 88 kg çenli agram derejesinde Abdylla Nazargeldiýew we 98 kg-den ýokary agram derejesinde Mälikberdi Begiýew bürünç medallary gazandy.
Dünýä kubogyna Awstraliýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Bolgariýanyň, Gondurasyň, Gruziýanyň, Ysraýylyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň ýygyndy toparlary gatnaşdy.
Bäsleşikler erkekleriň we zenanlaryň arasynda üç ugur — sport sambosy, söweş sambosy we görüş ukyby pes bolan türgenleriň arasyndaky sambo boýunça geçirildi.
Duşenbe şäheri üçin bu Dünýä kubogy yzygiderli ikinji bäsleşik boldy.