Ýeriň stratosferadan alnan suratlary: Samsung 35,5 km belentlikden Galaxy S24 Ultra kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

06.03.2024, 15:1214,500
1 / 6

Samsung täze flagman Galaxy S24 Ultra-ny stratosfera ugratmak bilen, şol ýerden alnan suratlar arkaly onuň kamera mümkinçiliklerini görkezdi. 9to5google-yň berýän habaryna görä, smartfon esasy kameranyň ähli modullaryny ulanyp, Ýeri dürli taraplaryndan 150-den gowrak gezek surata aldy.

Enjamlar ABŞ-nyň dört nokadyndan goýberildi: Günorta Kaliforniýadan, Las-Wegasdan, Sýerra Newadanyň dag gerşinden we Uly Kanýondan. Galaxy S24 Ultra şarlardan asylan ýeňil sebetlerde 35,5 km beýiklige çykdy.
Smartfondan düşürilen suratlar ýokary jikme-jiklikleri we reňklere baýlygy görkezýär. Galaxy S24 Ultra diňe bir landşafty däl, eýsem atmosfera hadysalaryny hem surata almagy başardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.