Samsung «çalaja» gymmatlan ortalyk Galaxy S26 FE smartfonyny çykardy

Düýn, 19:122,590
1 / 4

Samsung kompaniýasy Galaxy S26 FE smartfonyny resmi taýdan görkezdi. Täze model S26 seriýasynyň esasy mümkinçiliklerini has elýeterli bahadan hödürlemäge gönükdirilenem bolsa, onuň başlangyç bahasy smartfonyň öňki nesli bilen deňeşdirilende $50 gymmatlady.

Galaxy S26 FE öndürijiligi we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga niýetlenen 3 nanometrlik Exynos 2500 çip ulgamy bilen üpjün edildi. Smartfon göni gutudan çykan badyna Android 17 we One UI 9 daşlygy bilen hödürlenýän hatarda ilkinji model boldy. Samsung 7 ýyl programma üpjünçiligi täzelenmelerini wada berýär.

Smartfonda Galaxy AI mümkinçilikleri hem giňeldildi. Ulanyjylar adaty dilde buýruk berip, Now Brief wijetlerini döredip biler. Photo Assist funksiýasynda bolsa adaty buýruklar arkaly (mysal üçin, "gijäni gündiz et" ýa-da "adamy pozup aýyr" diýip), suratlary redaktirläp bolýar.

Smartfonyň beýleki esasy häsiýetnamalary:

  • Ekran we awtonomlyk: Full HD+ durulygy we 120 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,7 dýuýmlyk OLED displeýi. Iň ýokary ýagtylyk 1900 nit. Akkumulýator sygymy 4900 mA/sag bolup, 45 Wt simli, 15 Wt simsiz zarýad beriş göz öňünde tutuldy (toplumda zarýad beriji ýok).

  • Kameralar: 50 MP esasy modul, 3 esse optiki zum bilen 8 MP teleobýektiw, 12 MP ultra-giň obýektiw we 12 MP öňki kamera.

Täzelik hökmünde eýýäm düşürilen wideoda saýlanan adamy kadryň merkezinde saklaýan «My FanCam» hem-de smartfony hatda 360 gradus aýlanyňda-da suraty durnuklaşdyrýan «Horizon Lock» funksiýalary peýda boldy.

Smartfonyň 128 GB wersiýasy $700 bilen bahalandyryldy, bu bolsa Galaxy S25 FE-niň başlangyç bahasyndan $50 gymmatdyr.

Smartfon 4-nji sentýabrda üç reňkde satuwa çykar (Graphite, Pistachio, Blueberry).

Alyjylara 5 TB bulut ammary bolan 6 aýlyk Google AI Pro abunasy sowgat berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.