Alibaba 30 sekuntlyk wideo ýasaýan Wan3.0 EA modelini hödürledi

Düýn, 13:292,166
1 / 2

Alibaba wideo döretmek üçin niýetlenen Wan3.0 atly täze emeli aň modelini köpçülige hödürledi. Ol 1080p durulygynda 30 sekunda çenli wideo ýasap bilýär. Bu bolsa, ondan öňki Wan2.7-niň wideolaryndan iki esse uzyndyr.

​Köpçülige hödürlenmezden öň Wan3.0 birnäçe günläp Alibaba Cloud we Qwen Cloud platformalarynda synagdan geçirildi. Öndürijiler modeliň tutuş wideonyň dowamynda gahrymanlaryň ownuk-uşak taraplaryndan başlap, giňişligi sazlamagy we animasiýa elementlerini ýerbe-ýer saklamagy oňarýandygyny aýdýarlar. Şeýle hem ony dürli dillerde seslendirmek mümkinçiligi bar.

​Wan3.0-yň esasy aýratynlyklarynyň biri — maglumatlary dürli görnüşde kabul edip bilmegidir. Täze model ýazgy, surat, ses we wideodan başga-da, web-sahypalar hem-de resminamalar, şol sanda PDF we PowerPoint bukjalary bilen hem işläp bilýär. Eger ulanyjy haýsydyr bir taslama tanyşdyrylyşyny ýa-da elektron jedweli oňa ýüklese, şol nusga esaslanýan wideony ýasadyp biler.

​Alibaba Wan3.0 modelini diňe bir sosial torlary üçin kontent döretmekde däl, eýsem marketing çärelerinde, korporatiw aragatnaşyklarda, şeýle hem awtonom ulaglar we robototehnika ulgamynda simulýasiýa okuwlary üçin hem ulanyp bolýar.

​Bahasy taýýar wideonyň hiline baglydyr:

  • ​480p wideonyň bir sekundy: 0,05 dollar;
  • ​720p wideonyň bir sekundy: 0,1 dollar;
  • ​1080p wideonyň bir sekundy: 0,2 dollar.

​Şunlukda, iň ýokary durulykdaky bir minutlyk wideo 12 dollara düşýär.

​Wan3.0-yň hödürlenýän wagty Alibaba kompaniýasynyň Gonkong gazna biržasynda paýnamalary ýerleşdirmek arkaly takmynan $10,2 mlrd maýa çeken pursadynyň yz ýanyna gabat geldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.