Aşgabatda geçiriljek telekeçileriň sergisine TSTB-niň 230-dan gowrak agzasy gatnaşar

08.03.2024, 09:433,941

2024-nji ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda geçiriljek telekeçileriň sergisinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 230-dan gowrak agzasy öz önümlerini hödürlärler. Bu barada wise-premýer B.Atdaýew Hökümet mejlisinde habar berdi.

Sergi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçiriler. Oňa gabatlanyp geçiriljek maslahatda telekeçileriň ýeten sepgitleri we olaryň öňünde durýan täze wezipeler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Serdar Berdimuhamedow hususy telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetde hususy pudagyň tutýan ornunyň barha artýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen serginiň hem-de maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtady we wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.