Türkmenistanyň Prezidenti TSTB-niň agzalaryny 16 ýyllyk ýubileýi bilen gutlady

17.03.2024, 11:1111,429

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylary gutlady.

Döwlet Baştutany jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmegi ileri tutulýan möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitländigini belledi.

"Bu bolsa maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak bilen, döwrebap kärhanalary döretmekde, ýurdumyzyň içerki bazarynyň bolçulygyny üpjün etmäge we döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen täze önümçilikleri ýola goýmakda, iş üpjünçiligini ýokarlandyrmakda hususy pudaga möhüm orun berilýändiginiň aýdyň güwäsidir" diýip belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.