Täze iPad çykjak wagty golaýlaýar. Apple 26-njy martda bildirişini yglan eder

20.03.2024, 15:083,480

Insaýderleriň maglumatlaryna görä, Apple 26-njy martda hödürlenjek täze iPad planşetleriniň ilkinji görkezilişine taýýarlanýar. Kompaniýanyň täzelenen iPad Air we iPad Pro modellerini hödürlemegine garaşylýar diýip, Macrumors habar berdi.

Sary iPhone 14, iPhone 15 Pro-daky giňişlikdäki wideo we Apple Watch Series 9 -yň aýratynlyklary barada ozal takyk maglumat beren hytaýly Instant Digital insaýderi  Apple-iň 26-njy martda diňe bir täze planşetleri bildiriş etmek bilen çäklenmän, olary derrew satuwa hem goýberjekdigi barada habar berdi.
Sözlerini tassyklamak üçin Instant Digital 26-njy martda Amazonda täze iPad-ler üçin gorag daşlyklarynyň birnäçe modelini ýüze çykaran Hytaýyň IT Home web sahypasyndaky maglumatlara salgylanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.