“Forbes” dünýäniň iň baý mirasdüşerleriniň sanawyny hödürledi

16.04.2024, 15:1115,311

Ýylsaýyn baýlygy milliardlarça dollardan geçýän mirasdüşerleriň sanawy barha uzalýar. Bu sanawa öz baýlygyny artdyrmak üçin yhlasly zähmet çekýänler hem, şeýle-de maşgala biznesini dolandyrmakdan çekilip, ony üçünji şahslara ynanýanlar hem girýär.

“Forbes” žurnaly 2024-nji ýylda dünýäniň iň baý mirasdüşerleriniň sanawyny düzdi. Reýtingiň ilkinji onlugyna şular girdi:

  1. Mukeş Ambani – 116 mlrd dollar baýlygy bolan hindistanly maýadar;
  2. Fransuaza Betankur-Maýers (Fransiýa) – 99,5 mlrd dollar baýlygy bolan L’Oreal-yň iň uly paýdary;
  3. Jim Walton – 78,4 mlrd dollar baýlygy bolan Walmart-yň amerikaly paýdary
  4. Rob Walton – 77,4 mlrd dollar baýlygy bolan Walmart-yň amerikaly paýdary, Jim Woltonyň dogany;
  5. Elis Walton – 72,3 mlrd dollar baýlygy bilen Walton maşgalasyndan Walmart-yň paýdary;
  6. Dewid Tomson – 67,8 mlrd dollar baýlygy bilen kanadaly mediamagnat;
  7. Juliýa Koh – 63,4 mlrd dollar baýlygy bilen Koch Industries-iň amerikaly eýesi;
  8. Jowanni Ferrero – baýlygy 43,8 mlrd dollar bolan Nutella konditer kompaniýasynyň italiýaly eýesi;
  9. Mark Mateşis (Awstriýa) – 39,6 mlrd dollar baýlygy bolan Red Bull kompaniýasynyň esasy paýdary;
  10. Jon Mars – 38,5 mlrd dollar baýlygy bolan amerikaly milliarder. Konditer önümlerini we öý haýwanlary üçin iýmleri öndürýän köpugurly imperiýanyň eýesi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.