Türkmenistan Aziýa ösüş bankynyň Gruziýada geçen her ýylky duşuşygyna gatnaşdy

06.05.2024, 10:134,345

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2-5-nji maý aralygynda Gruziýada Aziýa Ösüş Bankynyň her ýylky 57-nji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berdi.

“Geljegiň köprüsi” atly bu forum Tbilisi şäherinde ilkinji gezek geçirildi.
Oňa AÖB-nyň 68 sany agza ýurtlaryndan 4000-e golaý wekil, şol sanda AÖB-nyň prezidenti Masasugu Asakawa, maliýe ministrleri, merkezi banklaryň dolandyryjylary, ýokary derejeli hökümet işgärleri, şeýle hem hususy pudagyň, ylmy jemgyýetiň we KBHS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi, emeli aň, ýaşyl globallaşma, ykdysady ýagdaýlar, sebit hyzmatdaşlygy hem-de Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ösüşiniň we beýleki birnäçe esasy meselelere seretdiler.
Forumyň çäginde dürli çäreler, seminarlar we çykyşlar gurnaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.