Serdar Berdimuhamedow Moskwada dabaraly ýöriş başlamazdan öň W.Putin bilen görüşdi

09.05.2024, 08:0028,063

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Gyzyl meýdançada Ýeňiş ýörişi başlamazdan öň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrylan beýleki daşary ýurt liderlerini garşylady diýip, TASS habar berýär.

Hususan-da, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaralara Türkmenistanyň Baştutanyndan başga-da, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleri gatnaşýar. Moskwadaky dabaralara şeýle hem Gwineýa-Bisaunyň, Kubanyň, Laosyň ýolbaşçylary geldi.
Häzir Serdar Berdimuhamedow Moskwada Ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.