Aşgabatdaky “Telekeçiler mekdebi” gümrük düzgünlerine degişli 12 sagatlyk hünär okuwlaryny guraýar

15.05.2024, 07:099,758

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” Aşgabat şäherinde telekeçiler üçin täze "Telekeçilikde gümrük işleriniň esaslary” hünär okuwyny guraýar.

12 sagatlyk bu hünär okuwynyň (seminaryň) diňleýjileri:

  • - Türkmenistanda telekeçilikde gümrük işlerine degişli kada-kanun üpjünçiligi;
  • - Gümrük kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar;
  • - gümrük işlerindäki täzelikler;
  • - daşary söwdany ösdürmekde ykdysady-gümrük düzgünleri;
  • - gümrük tölegleri we ş.m. barada bilim alarlar.

Hünär okuwy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň ýokary hünärli, tejribeli mugallymlary tarapyndan alnyp barlar.
TSTB-niň “Telekeçiler mekdebinde” telekeçilikde gümrük işleriniň esaslaryndan başga-da, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ygtyýarnamalandyrylan şu aşakdaky okuwlar guralýar:

  • - Buhgalter hasabynyň we maliýe hasabatlylygynyň esaslary.
  • - 1C buhgalter hasaby.
  • - Işgär iş dolandyryjylyk we arhiw işi.
  • - 1C programma boýunça işgärleri dolandyrmak (kadr).
  • - Gid-terjimeçi.
  • - Kompýuter sowatlylygy – I, II, III dereje.
  • - Topograf (elektron tahometrleri we niwelirleri gurluşyk ulgamynda ulanmak).
  • - Sanly marketing we sanly mahabat.

Hünär okuwyny üstünlikli tamamlan diňleýjilere şahadatnama berler.
Hasaba almak we goşmaça maglumatlar üçin telefon belgisi:
+99312 22-88-38; 22-71-37 (Aşgabat şäheri).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.