Çempionlar ligasy täze tertipde geçer. Penşenbe güni hem oýunlar bolar

24.05.2024, 19:1813,347

23-nji maýda UEFA-nyň wekilleri žurnalistlere Çempionlar ligasynyň indiki möwsümden giriziljek täze formaty barada gürrüň berdiler. Bu barada COPE-a salgylanyp, “Çempionat” habar berýär.

Üýtgeşmeler oýunlaryň senenamasyna-da täsir etdi:

  • Gatnaşyjylaryň sany 32-den 36-a çenli artdyrylar.
  • Toparlaýyn tapgyr her topar üçin sekiz oýunly bir umumy jedwel bilen çalşyryldy.
  • Oýunlar sişenbe gününden penşenbe güni aralygynda geçiriler.
  • Jemleýji tapgyryň 18 oýnunyň ählisi bir günde parallel geçiriler (29-njy ýanwar).
  • Üç bije çekişik göz öňünde tutuldy: birinji tapgyrdan öň, geçiş oýunlardan öň (9-njy orundan 24-ünjä çenli orunlary eýelän klublaryň arasynda) we 1/8 finaldan öň. Gatnaşyjylaryň soňky jübütleri ýaryş setkasy arkaly düzüler.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.