12 million dollarlyk garaž: Erling Holandyň üýtgeşik awtoulaglary

Düýn, 13:268,057
1 / 8

Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Siti» klubunyň hüjümçisi, 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň iň parlak ýyldyzlarynyň biri Erling Holand diňe bir meýdançada däl, eýsem awtoulag dünýäsinde hem özüniň ajaýyp toplumy bilen geň galdyrýar.

Autoevolution neşiriniň berýän maglumatyna görä, futbolçynyň awtoulaglarynyň umumy bahasy 12 millin dollara ýetýär. Bu garažda dünýäniň iň seýrek duş gelýän ulaglary bar.

Garažyň gymmatly göwheri bahasy 2,72 million dollar bolan gibrid görnüşli Mercedes-AMG One kupesidir.

Dünýä boýunça diňe 275 sanysy öndürilen bu ýol superkary «Formula-1» bolidiniň 1063 at güýjüne deň bolan hereketlendirijisi bilen üpjün edilen we meşhur Nýurburgring ýolunyň rekordyny özünde saklaýar. Bu haýbatly ulag sagatda 350 km-den gowrak tizlik alyp bilýär.

Ferrari maşgalasyndan üç sany üýtgeşik ulag

  • Ferrari Monza SP2 ($1,8 million): 810 at güýji bolan, öň tarapynda aýnasy ýok, ýörite ýaryşlar üçin niýetlenen spidster. Ony sürmek üçin hökman şlem geýmeli.
  • Ferrari 812 Competizione Aperta: Çäkli mukdarda öndürilen, 830 at güýjüne eýe bolan kupe.
  • Ferrari 12Cilindri: 820 at güýçli, V12 hereketlendiriji bilen üpjün edilen iň täze superkar.

Bulardan başga-da, norwegiýaly ýyldyzyň toplumynda Lamborghini Aventador SVJ, Huracan Sterrato, Porsche 911 GT3 we kaşaň Rolls-Royce Ghost bar.

Soňky ulag bilen bagly gyzykly bir waka hem bolup geçipdi: 2023-nji ýylda futbolçy şol ulagy sürüp barýarka telefonda gürleşendigi üçin 200 funt sterling ($268) jerime tölemeli bolupdy.

Gündelik gatnawlar üçin: Futbolçy Mançester şäherindäki gündelik gatnawlary üçin köplenç bahasy ýarym million dollar bolan ak reňkli Rolls-Royce Cullinan ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ulagyny ýa-da kuwwatly Aston Martin DBX707 krossowerini saýlaýar.

ABŞ saparlary üçin: Holand Amerikadaky saparlary üçin ýörite üýtgedilen, 810 at güýji bolan äpet Ford F-150 Shelby Super Snake pikapyny 200 müň dollara satyn aldy.

Dizayn sungaty: Garažda dünýä boýunça diňe 150 sanysy öndürilen seýrek Mercedes-Maybach S-Class Virgil Abloh Edition sedany hem bar.

Bu kaşaň tehnikalaryň ählisi oýunçynyň Çeşirde ýerleşýän, bahasy 8,2 million dollar bolan şäher etegindäki mülkünde saklanýar.

Tiz wagtda bu awtopark has-da giňär: Erling Holand eýýäm 1800 at güýji bolan iň täze Bugatti Tourbillon giperkaryny öňünden sargyt etdi. Bu täze ulag futbolça 5 million ýewro düşer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.