Bloger Apple-iň ussahanasyna baryp, iPhone-yň berkliginiň nädip barlanýandygyny görkezdi

02.06.2024, 22:3813,054
1 / 2

Internetde bloger Markus Braunliniň Apple kompaniýasynda iPhone-yň berkliginiň nädip barlanýandygyny görkezýän wideoýazgysy peýda boldy. Braunli kompaniýanyň synag laboratoriýasyna girmäge ygtyýar alyp, smartfonlaryň synagdan geçirilişiniň dürli tapgyrlaryny wideo düşürdi.

iPhone-lar basyş astynda suwa çümdürilip, yzgar geçirijiligi barlanylýar. Şeýle-de, smartfonlar edil hakyky şertlerdäki ýaly dürli belentliklerden we dürli tekizlikleriň üstüne gaçyrylyp görülýär. Mundan hem başga, enjam titremä çydamlylygyny  barlamak üçin ýörite gurluşlarda silkelenýär.
Braunliniň wideolaryny görüp, Apple-iň öz smartfonlarynyň we beýleki önümleriniň hiline gözegçilik etmek meselesine näderejede çynlakaý garaýandygy  barada düşünje alýarsyň.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.