Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda mümkinçiliklerine bagyşlanan forum geçiriler

28.06.2024, 23:254,976

Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forumy geçirmäge taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar.

Forumyň geçiriljek günlerinde, ýagny şu ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda BAE-niň paýtagtynda nebitgaz, energetika pudaklaryna, täze tehnologiýalara we öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanan (ADIPEС) Bütindünýä sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Dünýäniň ýurtlarynyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistan  bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini göz öňünde tutup, giň gerimli halkara gözden geçirilişiň meýdançasynda  maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag  hem-de aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çärelerini guramak teklip edilýär. 
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä sergisiniň meýdançasynda guralmagy meýilleşdirilýän «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forumyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmak möhümdir diýip belledi we wise-premýere bu ugurda degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.