Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatoryny ýurduň milli baýramy bilen gutlady

01.07.2024, 10:563,675

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýurduň milli baýramy — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, hanym Meri Saýmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Kanadanyň güni 1867-nji ýylda Britan Demirgazyk Amerikasy hakynda Jarnamanyň gol çekilmeginiň şanyna 
her ýyl 1-nji ýulda bellenilip geçilýär. Jarnama esasynda üç sebit bir bitewi döwlete birleşdirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.