“Balkanabat” ýod zawodynyň Jebel ýük saklanylýan bölüminiň durky täzelener

05.07.2024, 20:344,319

Himiýa önümlerini bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak maksady bilen, “Balkanabat” ýod zawodynyň Jebel ýük saklanylýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär. Degişli teklibi wise-premýer B.Annamämmedow Hökümet mejlisinde aýtdy.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan içerki sarp edijileri himiýa önümleri, hususan-da, himiýa we  nebitgaz pudaklarynyň önümçiliklerinde ulanylýan suwuk  hlor bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Bu serişdäni bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak maksady bilen, Jebel ýük saklanylýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak teklip edilýär.
Serdar Berdimuhamedow taýýarlanan teklibi goldady we  wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.