HOK 2030-njy we 2034-nji ýyllaryň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýerini kesgitledi

25.07.2024, 10:248,416

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) 2030-njy we 2034-nji ýyllaryň gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýerini kesgitledi.

24-nji iýulda Parižde geçirilen HOK-yň 142-nji sessiýasynda 2030-njy ýyldaky Oýunlary Fransiýanyň Alplarynda geçirmek kararyna gelindi. Fransiýa gyşky Olimpiýa oýunlaryny dördünji gezek kabul eder, öň olar Şamonide (1924), Grenoblda (1968) we Alberwillde (1992) geçirildi.
Ýakyn onýyllykda ikinji gyşky Olimpiýa oýunlaryny Solt-Leýk-Siti amerikan şäheri kabul eder. Şäheriň arzasy 2034-nji ýyldaky Oýunlary geçirmek üçin ýeke-täk arza boldy we HOK-yň 83 agzasy onuň kabul etmegine ses berdi. Bu Solt-Leýk-Sitide ikinji Olimpiada bolar, öň şäher ýaryşlary 2002-nji ýylda geçirdi.
Şeýlelikde, Fransiýa bilen ABŞ-nyň her biri geljek on ýylda iki Olimpiadany kabul eder. Ýakyndaky ýaryşlar eýýäm tiz wagtdan Parižde başlar (26-njy iýul – 11-nji awgust), onuň yzyndan Los-Anjelesdäki Oýunlar gelýär (2028). 2026-njy ýylda gyşky Olimpiadany Italiýanyň Milan we Kortina-d-Ampesso şäherleri kabul eder, 2032-nji ýylyň tomsunda bolsa Olimpiýa paýtagty Awstraliýanyň Brisben şäheri bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.