Fransiýanyň «Ruaýan Atlantik» woleýbol kluby öz oýun eşigini hazyna kartasyna öwürdi. Gara-sary köýnekçelerde Fransiýanyň bir ýerinde gömlen heýkeljigiň ýerleşýän ýerini tapmaga kömek etjek tapmaçalar gizlenýär. Hazynany ilkinji bolup tapyp, öz pikir ýöretmesini dogry düşündiren gatnaşyjy 10 müň ýewro baýrak alar.
«Garakçylaryň syry» diýlip atlandyrylýan bu çäre toparyň Fransiýanyň woleýbol boýunça ýokary diwizionyndaky ilkinji möwsümine bagyşlanýar. Klubuň «garakçylar» lakamy onuň nyşanynda-da şöhlelendirilýär. Tapmaçalary çözmek üçin niýetlenen ýörite köýnekçäni 69 ýewrodan satyn alyp bolýar.
Taslamany taýýarlamak üçin klub akyl-paýhas oýunlaryny we dürli gözleg tabşyryklaryny düzmek bilen meşgullanýan Éditions Maison kompaniýasynyň hünärmenlerini işe çekdi. Köýnekçäniň ýüzünde we çöwresinde şekilleriň, sözleriň hem-de sanlaryň kömegi bilen dürli yşaratlar ýerleşdirildi.

Klubuň prezidenti Dewid Gelliň aýtmagyna görä, taslamanyň üstünde işlemek bir ýyla golaý dowam edipdir. Diňe grafiki bezeg işlerine 300 sagatdan gowrak wagt sarp edilipdir. Her bir alyjy tapmaçalary çözmäge başlamaga kömek etjek ýörite gözükdirijini alar.
Hazynany gözlemek üçin dessine ýola düşmek hökman däl. Gatnaşyjylar ähli tapmaçalary öýde özbaşdak ýa-da dostlary bilen bilelikde çözüp bilerler. Diňe soňky tapgyrda, gizlenen ýeriň takmynan nirede ýerleşýändigi anyklanandan soň, Fransiýa boýunça syýahata çykmak zerur bolar.
Baýrak Deňizýaka Şarant Arheologiýa we taryh jemgyýetiniň heýkelçilik ussahanasynyň gatnaşmagynda ýaryşyň wakalarynyň äheňinde döredilen özboluşly hek daşyndan ýasalan heýkel bolar.

Çäräniň resmi başlangyjy 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň ahyryna — noýabr aýynyň başyna meýilleşdirilýär. Şol döwürde alyjylar ýörite köýnekçeleri alarlar.
«Sport dünýäsinde şuňa meňzeş bir zat öňde-soňda bolandyr öýdemok. Bu biziň durmuşa geçirmegi halaýan beýleki geň pikirlerimiz ýaly ýene bir üýtgeşik başlangyç» diýip, Gell gürrüň berdi.
Ol birnäçe tapgyrdan ybarat bu çylşyrymly tapmaçanyň gatnaşyjylary birnäçe aýlap güýmejekdigine umyt bildirdi.
«Ruaýan» kluby üçin bu ilkinji şeýle başlangyç däl. Mundan ozal janköýerlere şäheriň kenarlarynyň birinde gizlenen altyn kelleçanagy tapmak teklip edilipdi. Ýeňijä oýna tomaşa etmek üçin iki VIP petek berlipdi. Şonda tapmaçanyň çözgüdi, takmynan, on günüň içinde tapylypdy.
Soňky bäş ýylyň dowamynda topar dördünji diwiziondan Fransiýanyň iň ýokary professional ligasyna çenli ýol geçdi. 2026-njy ýylyň maýynda «Ruaýan» B ligasynyň ýeňijisi bolup, ýokary diwizionda çykyş etmäge hukuk gazandy.
Adaty bolmadyk oýun eşigi we möwsümiň şowly başlanmagy klubuň diňe bir Ruaýan şäherinde däl, eýsem onuň çäklerinden has uzakda-da tanalmagyna ýardam etdi. Ruaýan — Fransiýanyň Atlantik kenarynda ýerleşýän, ilaty, takmynan, 19 müň adam bolan deňizýaka şäheridir.