Tadeý Pogaçar «Tur de Frans» ýaryşynda 29 ýyl bäri saklanyp gelen rekordy täzeledi

Düýn, 22:251,569
1 / 3

«UAE Team Emirates – XRG» toparynyň sloweniýaly welosipedçisi Tadeý Pogaçar «Tur de Frans» köp günlük ýaryşynyň çäginde Alp-d’Ýuez (Alp d'Yuez) belentligine çykmak wagty boýunça täze taryhy rekord goýdy.

Sloweniýaly türgen ýaryşyň 19-njy tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Welosport taryhynda meşhur bolan iň ýokary derejeli Alp-d’Ýuez beýikligi umumy ýoluň jemleýji böleginde ýerleşýär. Pogaçar ony 35 minut 27 sekuntda geçdi. Şunlukda, ol 1997-nji ýyldan bäri saklanyp gelen rowaýaty italiýaly Marko Pantaniniň netijesinden (36,40) öňe geçdi.

«Tur de Frans» «Giro d'Italiýa» we «Wuela Ispaniýa» bilen birlikde dünýäniň iň uly üç welosiped ýaryşynyň hataryna girýär. Ýaryş 26-njy iýulda Parižde tamamlanar.

Mälim bolşy ýaly, ýaryşyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda, Pogaçar ýakyndaky bäsdeşinden ýedi minutdan gowrak öňe geçip, liderligi ynamly saklaýar. Ozal sloweniýaly türgen 2020, 2021, 2024 we 2025-nji ýyllarda umumy hasapda dörd gezek ýeňiji bolupdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.