DÇ-2026: Angliýa we Fransiýa üçünji ýer üçin oýunda jemi 10 gol geçirdiler

Düýn, 11:3710,508
1 / 11

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilen 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň üçünji orun ugrundaky duşuşygy janköýerlere ahyryna çenli gyzykly we geň galdyryjy tomaşany sowgat etdi. Maýamidäki «Hard Rok» stadionynda, 75 müňe golaý tomaşaçynyň göz önünde Angliýanyň we Fransiýanyň milli ýygyndylary hokkeý hasabyny ýatladýan hakyky gol şowhunyny görkezdiler. Bu bäsleşikde iňlisler has güýçli çykdy – 6:4.

Bu bürünç medal Angliýanyň milli ýygyndysy üçin soňky 60 ýylyň dowamynda dünýä birinjiliklerinde gazanylan ilkinji baýrak boldy. Tomas Tuhel ýarym finaldaky şowsuzlykdan soň, janköýerleriniň öňünde her niçigem bolsa aklamagy başardy. Fransuzlaryň tälimçisi Didýe Deşam bolsa bu ýaryşdan soň öz wezipesinden gidýär we ýerini Zinedin Zidana berýär.

Birinji ýarymdaky nokaut: Iňlisleriň «agalygy» 

Angliýanyň milli ýygyndysy garşydaşyny ilkinji minutlardan başlap geň galdyrdy. Eýýäm 3-nji minutda Deklan Raýs meýdançanyň merkezinde topy bäsdeşinden alyp, jerime meýdançasyna çenli alyp gitdi we takyk zarba bilen hasaby açdy. 18-nji minutda Raýs bu gezek gol pasyny beriji hökmünde çykyş etdi: onuň burçdan geçiren topuny Ezri Konsa kelle zarbasy bilen tora girizdi – 0:2.

Birinji ýarymyň ahyrlaryna golaý fransiýalylaryň goranyşy bütinleý gowşady. 37-nji minutda Markus Raşford derwezeban bilen ýekme-ýeke çykan pursadyny goldan berdi, emma Bukaýo Saka yzdan ýetişip, topy tora salmagy başardy. Birinji ýaryma goşulan wagtda bolsa Eze Şerkiniň goragyndan sypyp, topy Sakanyň öňüne geçirdi, ol hem sowukganlylyk bilen dubl etdi (özüniň ikinji goluny urdy). Toparlar arakesmä angliýalylaryň peýdasyna örän geň galdyryjy 0:4 hasaby bilen gitdiler.

Fransuzlar oýandy, gol şowhuny başlandy

Arakesmede Didýe Deşam aýgytly ädim ädip, birden dört oýunçyny çalşyrdy. Meýdança Ýupamekano, Din, Barkola we Dembele çykdy, bu bolsa fransiýalylaryň oýnuny bada-bat janlandyrdy.

48-nji minutda Ýupamekano topy Wotkinsden «çildi», Olise jerime meýdançasyna pas berdi we Kilian Mbappe hasap tapawudyny azaltdy – 1:4. Şondan 6 minut geçenden soň, Mbappe jerime meýdançasyna kürsäp giren Bredli Barkola gol pasyny berdi, ol bolsa ýakyn burça güýçli zarba urdy – 2:4.

Tiz wagtda, eýýäm 66-njy minutda Oliseniň pasyndan soň, Mbappe jerime meýdançasynyň çyzygyndan zarba urup, dubl etdi – 3:4. Duşuşyk dartgyny ýetjek nokadyna ýetdi, Mbappe bolsa ýaryşyň iň köp gol uran oýunçylarynyň sanawynda öňe saýlandy. Mundan başga-da, Kilian dünýä çempionatlarynda uran gollarynyň umumy sanyny 22-ä ýetirip, Lionel Messiden öňe geçmegi başardy.

Şeýlelikde, fransuzlar şowsuz birinji ýarymdan soň hasaby deňläp biläýjek ýaly göründiler, emma 85-nji minutda emin Fransiýanyň derwezesine penalti belledi – Gýusto öz jerime meýdançasynda Spensi ýykdy. Nokada Bukaýo Saka geldi we top bilen derwezebany dürli burçlara ugradyp, het-trik etdi — 3:5.

Şeýle-de bolsa, pereňliler per bermedi. 90+6-njy minutda Ýupamekano topy alyp, Usman Dembelä ýetirdi, ol bolsa jerime meýdançasyna girip, goragçyny aňsatlyk bilen aldady-da, derwezäniň uzak burçuny nyşana aldy – 4:5.

Bu haýran galdyryjy bäsleşigiň iň soňky nokadyny bolsa oýna soň goşulan Jud Bellingem 90+8-nji minutda goýdy. Ýarym goragçy täze güýç bilen garşylykly hüjüme geçip, jerime meýdançasyna atylyp girdi, goragçyny aldady we topy Menýanyň gapdalyndan geçirip, tora saldy – 4:6.

Öňde bize final garaşýar

Häzir bolsa ähli üns dört ýyllygyň iň esasy oýnuna gönükdi. Argentinanyň we Ispaniýanyň milli ýygyndylarynyň garşylaşjak dünýä çempionatynyň final duşuşygy 20-nji iýula geçilýän gije, sagat 00:00-da başlar.

Dünýä çempionaty – 2026-nyň iň netijeli top-5 bombardirleriniň sanawy häzirki wagtda şeýle tertipde barýar:

  • Kilian Mbappe (Fransiýa) — 10 gol;
  • Lionel Messi (Argentina) — 8 gol;
  • Erling Holand (Norwegiýa) — 7 gol;
  • Jud Bellingem (Angliýa) — 7 gol;
  • Harri Keýn (Angliýa) — 6 gol.
 
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.