Mongoliýanyň Prezidenti ilkinji gezek Türkmenistana döwlet sapary bilen geler

26.07.2024, 15:519,722

26-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyrjak ilkinji döwlet saparyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.