Raşid Meredow Eýranyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar

27.07.2024, 09:5412,627

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar.

R.Meredowy Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biriniň hem Eýran Yslam Respublikasy bolup durýandygyny belledi. Biziň ýurtlarymyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar.
Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasy 30-njy iýulda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.