“Türkmenhaly” söwda merkezinden islendik ölçegde halylary garaşaryna satyn alyp bolýar

08.08.2024, 10:555,275

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň “Türkmenhaly” söwda merkeziniň dükanlaryndan dürli görnüşli halylary we haly önümlerini satyn alyp bolýar.

Bu dükanlardan islendik müşderi öz islegine görä nagyşlar bilen bezelen, islendik şekilde we ölçegde haly dokadyp, sargyt edip bilýär.
Mundan başga-da, “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň üsti bilen, karzlaşdyrma ýeňilligindenem peýdalanyp, halylary satyn alyp bolýar.
Satyn alnan halylary “Türkmenpoçta” çaparçylyk hyzmaty arkaly öýüňize eltdirip bolýar.

Habarlaşmak üçin:

  • “Türkmenhaly” söwda merkezi, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 94-nji jaý. Telefonlar: 44-68-68; 44-68-78;
  • “Altyn göl” dükany “Altyn asyr” Harytşynaslyk merkezi, Aşgabat ş., Görogly şaýoly, 77-nji jaý. Tel: 92-21-56;
  • “Türkmen halylary” dükany, Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 110-njy jaý. Tel: 93-65-67; 93-44-09;
  • “Haly” dükany Aşgabat ş., Görogly şaýoly, 5-nji jaý. Tel: 92-25-50;
  • Aşgabat Halkara howa menziliniň 2-nji ýolagçy terminalynyň “Türkmen halylary” dükany., Tel: +99365 63-58-84
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.