Serdar Berdimuhamedow Maýa Sanduwy Moldowanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

27.08.2024, 07:356,488

Prezident Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sanduwа we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýa Sanduwа berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Moldowa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.