Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitaby pars diline terjime edildi

29.08.2024, 05:337,409

28-nji awgustda Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda “Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgünde Prezident Masud Pezeşkian bilen gepleşikleri geçirdi.

Çäkli düzümde geçirilen duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Masud Pezeşkiana Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirip, özüne amatly bolan wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylyk hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda Masud Pezeşkian Gurbanguly Berdimuhamedowa pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu eserinde Ogulabat ejäniň durmuş ýoly we türkmenleriň özboluşlylygynda öz beýanyny tapan, Watana wepaly, mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam edýän gymmatlyklar barada gürrüň berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu eseriň pars diline terjime edilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, onuň doganlyk ýurduň giň okyjylar köpçüligi üçin gyzykly we peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.