Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

10.09.2024, 19:524,348

10-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri  Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi diýip. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Myhman Prezident Serdar Berdimuhamedowa Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandariň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi. 
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň  oňyn Bitaraplyk syýasatyny we halkara derejesinde öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygy üçin, minnetdarlyk bildirip, döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini nygtady. 
Şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagy depginli ösýän pudaklaryň biridir. Bu ugurda ýurtlarymyzyň arasyndaky mümkinçilikleriň ulanylmagyna Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn  bellenildi.
Döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan saparlaryň möhüm orny bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti bu babatda şu ýylyň ahyrynda Malaýziýa amala aşyryljak saparyň ähmiýetini nygtap,  onuň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň dost-doganlyk gatnaşyklarynda täze sahypalary açjakdygyna ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.