Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasary Astrahanyň hökümetiniň başlygy bilen duşuşdy

28.09.2024, 10:382,220
1 / 2

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatorynyň orunbasary – hökümetiniň başlygy Denis Afanasýew bilen duşuşygynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyk 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  binasynda geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Ulag, logistika we gämi abatlaýyş pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi.
Şeýle-de duşuşygyň barşynda bilim we medeniýet ugurlary boýunça däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.