Türkmenistanyň ýygyndysyny 2028-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça Guramaçylyk topary döredildi

03.10.2024, 07:206,822

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Olimpiýa oýunlary 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriler. Guramaçylyk topary Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlygyny we olaryň bu ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.