Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmek ugrunda çykyş edýär

24.10.2024, 16:398,623

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda BRIKS agza ýurtlaryň nobatdaky sammitinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.

«Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselesine howpsuzlygy  we ösüşi üpjün etmekde ählumumy çemeleşmäniň binýatlaýyn bölekleriniň biri hökmünde garamak,  howanyň üýtgemegi, ekologiýa bilen baglanyşykly tehnogen hadysalara  gözegçilik etmegiň we olara garşy durmagyň köptaraplaýyn mehanizmlerini döretmek ugrunda çykyş edýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda belledi.

Türkmenistan ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda bu sebitlerde suw we suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär diýip, TDH habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.