Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

28.10.2024, 04:432,147

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Çehiýanyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň dostlukly halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Petr Pawele tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Çehiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi diýip TDH habar berýär.
Çehiýa Garaşsyzlyk gününi 28-nji oktýabrda belleýär. Birinji Jahan urşundan soň hut şol gün, ýagny 1918-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Pragada Çeh milli geňeşi tarapyndan Awstra-Wengriýadan garaşsyzlyk yglan edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.