Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy

01.11.2024, 10:231,850
1 / 2

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň gidişini seljerdiler we ýakyn wagtda geçiriljek tematiki çärelere taýýarlyk barada pikir alyşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.